Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberdi

  • 01.11.2025 10:50
  • 12k+

31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny hödürledi.

Wise-prmýeriň nygtaýşy ýaly, döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýdyp, degişli hata gol çekdi.


şu gün 15:48
2.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......