5.8k+

Ýakyn Gündogaryň ilkinji «Disneýlendi» Abu-Dabide gurlar

The Walt Disney Company Abu-Dabide tematik seýilgäh-dynç alyş merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Täze dynç alyş merkezi Disney-iň Ýakyn Gündogardaky ilkinji taslamasy bolar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär...

7.6k+

Alymlar adamlaryň ýaralarynyň haýal bitmeginiň sebäbini düşündirdiler

Ýaponiýanyň Rýukýu uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen barlagyň netijesine görä, adamyň derisiniň gaýtadan dikeliş tizligi beýleki süýdemdirijilere we gemrijilere garanyňda has haýal bolýar. Munuň sebäbi, adamlarda tüý follikulalarynyň ýitmegi we der mäzleriniň ösmegi bilen baglanyşyklydyr...

5.2k+

Hytaýyň Unitree kompaniýasy suw pürküji oturdylan ýangyn söndüriji robot iti döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy suw pürküji we öz-özüni sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan B2 robot itiniň ýangyn söndüriji görnüşini hödürledi. Täze model Sindao şäherinde eýýäm synagdan geçirilýär. Robot bilen esasy wersiýanyň arasyndaky esasy tapawut - robotyň arkasyna oturdylan suw pürküjiniň bolmagydyr...

6.2k+

Alymlar adamyň görüş ukybynyň biologik çägini anykladylar

Ýewropaly we awstraliýaly alymlar adamyň hereket edýän zatlara berýän görüş reaksiýasynyň tizliginiň gözleriň işleýiş aýratynlyklary bilen çäklenýändgini anykladylar. Bu barada Berliniň tehniki uniwersitetiniň (TU Berlin) metbugat gullugyna salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär...

9.8k+

53 ýyl ozal uçurylan «Kosmos-482» apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy

1972-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan Wenera planetasyny öwrenmek maksady bilen uçurylan «Kosmos-482» kosmos apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy. Bu barada «Roskosmos» habar berdi. TsNIIMaşyň berýän maglumatlaryna görä, apparat 10-njy maýda, Aşgabat wagty bilen sagat 11:24-de atmosferanyň dykyz gatlaklaryna giripdir...

22k+

Met Gala 2025-de ýyldyzlar näme geýdi

5-nji maýda Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýinde Met Gala haýyr-sahawat baly geçirildi. Bu Kostýum institutyny goldamak üçin her ýyl geçirilýän çäre we moda sergisiniň başlangyjydyr. Şu ýyl çäräniň esasy temasy Superfine: Tailoring Black Style (“Birkemsiz: Tikinçilik sungatynda gara stil”) boldy...

5.7k+

Ýannik Sinner Italiýanyň MOK-nyň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

Dünýäniň birinji raketkasy, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek ýeňijisi, italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň iň ýokary baýragyny – “Altyn ýakany” (Collare d’Oro) aldy. Baýragy türgene MOK-nyň prezidenti Jowanni Malago gowşurdy...

21k+

"Arkadag" futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy. Kambojanyň paýtagtynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy...

6.6k+

Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” klubunyň eýeleri boldy

“Mançester Ýunaýtediň” öňki meşhur futbolçylary Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” futbol klubunyň egindeş eýeleri boldy. Bu klub häzirki wagtda ABŞ-nyň dördünji diwizionynda çykyş edýär. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi...

3.5k+

“Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” 2027-nji ýylyň dekabrynda çykar

Warner Bros. kinostudiýasy Ortaýer älemine esaslanýan täze filmiň çykjak senesini aýtdy. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” (Властелин колец: Охота на Голлума) atly film 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda kinoteatrlarda çykar we meýilleşdirilen iki filmiň birinji bölümi bolar...

2.8k+

ClearSpace kompaniýasy kosmosy zibilden arassalamak tehnologiýasyny üstünlikli synady

ClearSpace kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi tarapyndan amala aşyrylýan Active Debris Removal (ADR) maksatnamasynyň ikinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Missiýanyň bu bölegi Ýere golaý orbitada ýerleşýän hatardan çykan hemralary tutmak we aýyrmak üçun zerur bolan tehnologiýalary synagdan geçirmäge we kämilleşdirmäge gönükdirildi...

6.9k+

Maskyň superkompýuteri 300 000 öýe ýeterlik tok sarp edýär

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Colossus superkompýuteri Memphis Supercluster taslamasynyň çäklerinde doly güýjüne işläp başlady. Onuň energiýany sarp edişi şeýle bir ýokary welin, ol 300 000 ýaşaýyş jaýynyň sarp etjek toguna barabar diýip, Tom’s Hardware habar berýär...

5.7k+

“Betmen 2” režissýorsyz galdy. Film indiki ýazda düşüriler

“Betmen: Bölüm II” filminiň düşürilişi 2026-njy ýylyň mart aýyna süýşürildi. Film Londonda düşüriler diýip, Production Weekly habar berýär. Ozal taslamanyň režissýory hökmünde Mett Riwz bellenipdi, ýöne indi ol ssenariçi hökmünde görkezilýär...

1k+

Huawei kompýuterler üçin HarmonyOS operasion ulgamyny tanyşdyrdy

Huawei kompaniýasy HarmonyOS 5 (HarmonyOS NEXT) operasion ulgamyny hödürledi. Bu ulgam häzirki zaman emeli aň mümkinçiliklerine eýe bolup, esasan-da Hytaýyň kompýuter bazaryna gönükdirilendir. Bu barada «Huawei Central» habar berýär...

1k+

Apple emeli aň üçin Google bilen hyzmatdaşlygyny bes edip biler

Apple kompaniýasynyň hyzmatlar boýunça uly wise-prezidenti Eddi Kýu gözleg tehnologiýalarynyň çalt üýtgeýändigini belläp, ýene 10 ýyldan iPhone-yň öz ähmiýetini hem ýitirmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol bu barada ABŞ-da Google kompaniýasyna garşy alnyp barylýan monopoliýa garşy iş boýunça kazyýet diňlenişiginde mälim etdi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär...

2.9k+

Netflix TikTok-a meňzeş wideo lentasyny işe girizýär

Netflix kompaniýasy ykjam goşundysynda täze funksiýanyň – TikTok-a meňzeş dik görnüşli gysga wideolardan ybarat lentanyň synag hökmünde ýakyn wagtda işe giriziljekdigini habar berdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär...

5.4k+

Tesla iň arzan modelini hödürledi. Bahasy 33 990 dollar

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň yzky tekerlerden herekete getirilýän täze görnüşini hödürledi. Täze model has uzak ýol geçmäge ukyply bolup, arzan bahasy bilen tapawutlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär...