FIFA çabga sebäpli Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medalyny birbada iki ýygynda berdi

  • 19.12.2025 16:45
  • 6.8k+

Saud Arabystanynyň we BAE-niň milli ýygyndylary howa şertleri sebäpli üçünji ýer üçin oýun ýatyrylandan soň Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medallaryny özara paýlaşdy. Halkara futbol federasiýasy oýny 0:0 hasabynda tamamlanan diýip hasaplady we baýragy iki topara-da berdi.

Duşuşyk Kataryň Er-Raýýan şäherindäki «Halifa» stadionynda geçirildi. Oýnuň birinji ýarymynda toparlar hasaby açyp bilmedi, ikinji ýarymda bolsa duşuşygyň baş emini, çilili Kristian Garaý toparlary meýdançadan çykarmagy tabşyrdy, çünki güýçli çabga oýny dowam etdirmäge mümkinçilik bermedi.
Guramanyň resmi çözgüdine laýyklykda, milli ýygyndylar üçünji ýeri we pul baýragyny deň derejede paýlaşar.
Arap milletleriniň kubogy 11-nji gezek geçirildi. Ýaryşyň ýeňijisi Marokkonyň milli ýygyndysy boldy. Ol finalda Iordaniýanyň toparyny 3:2 hasabynda utdy. Ýaryşyň iň köp titul alan gatnaşyjysy dört kubok bilen Yragyň milli ýygyndysy bolmagynda galýar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......