OpenAI täze ChatGPT Images surat generatoryny işe girizdi

  • 18.12.2025 23:03
  • 2.4k+

OpenAI kompaniýasy tekst beýany boýunça surat döretmek we redaktirlemek üçin GPT-5.2-niň esasynda täze ChatGPT Images modelini işe girizdi. Esasy maksat jikme-jiklikleri saklap, suratlary mümkin boldugyndan hakyky ýaly etmekden ybarat.

Öňki wersiýalar bilen deňeşdirilende, suraty döretmegiň tizligi dört esse ýokarlandy. Ulanyjylar isleýän suratlaryny gysga wagtyň içinde we has ýokary takyklyk bilen alyp biler.
Munuň bilen birlikde OpenAI köp ulanyjylar üçin suratlar bilen işlär ýaly täzelenen interfeýsi hödürledi. Ol korporatiw müşderiler üçin gijräk elýeterli bolar.
16-njy dekabrdan ChatGPT Images ähli ChatGPT ulanyjylary üçin elýeterli boldy.
Ozal, 2022-nji ýylda kompaniýa tekst beýany boýunça surat döredýän DALL-E neýroulgamyny işe girizipdi. ChatGPT Images OpenAI-iň surat dörediji tehnologiýalary ösdürmekde nobatdaky ädimi boldy. 


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......