Ierusalimde ýaşy 2000 ýyldan gowrak bolan 50 metrlik diwar tapyldy

  • 19.12.2025 10:13
  • 5.4k+

Arheologlar Ierusalimde gadymy şäher diwarynyň iň doly we iň uzyn bölekleriniň birini tapdylar, ol Hasmoneý döwrüne (2100 ýyldan gowrak wagt mundan ozal) degişli diýip, Associated Press habar berýär.

Galanyň binýadynyň uzynlygy tas 50 metre, ini bolsa 5 metre golaý.

Bu ýer Kişle binasynyň köne ganatynyň, öňki harby bazanyň, häzirki wagtda bolsa Dawudyň Diňi muzeýine berlen ýeriň astynda ýerleşýärdi. Bu ýerde işler 1999-njy ýylda başlananam bolsa, diňe 2023-nji ýylda täzeden janlandyryldy.

Barlagçylar diwaryň ýokarky böleginiň wagtyň geçmegi bilen ýykylman, eýsem bilgeşleýin sökülip aýrylandygyny anykladylar. Ysraýylyň Gadymy ýadygärlikler müdirliginiň işgäri doktor Amit Reem diwaryň belli bir meýilnama laýyklykda bilgeşleýin sökülip aýrylandygyny aýtdy.

Alymyň sözlerine görä, tapylan bölek gadymy taryhçy Iosif Flawiý tarapyndan ýewreý patyşasy Ioan Girkan I bilen Antioh VII-niň arasyndaky şertnama barada beýan edilen wakanyň arheologik subutnamasy bolup biler, oňa laýyklykda şäher berkitmeleri ýok edilmelidi.

Ýewreý uniwersitetiniň professory Orit Peleg-Barkat alternatiw wersiýany teklip etdi. Ol diwaryň sökülmegini biziň eýýamymyzdan öňki I asyrda patyşa Irodyň köşgüniň gurluşygynda binýad üçin ulanylmagy bilen baglanyşdyrýar.

Tapylan bölek Dawudyň Diňi muzeýinde açyljak täze serginiň bir bölegine öwrüler.


19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......