Silent Hill f oýny The Horror Game Awards 2025 dabarasynda «ýyllyň horrory» boldy

  • 18.12.2025 23:22
  • 1.3k+

Silent Hill f kompýuter oýny The Horror Game Awards 2025-de dört baýrak alyp, dabaranyň esasy ýeňijisi boldy. Taslama «Ýylyň horrory» hökmünde baş tituly aldy.

Şu ýyl dabara tomaşaçylaryň gatnaşmagynda ýüzbe-ýüz geçirildi.
Baş baýrakdan başga-da, Silent Hill f «Iň gowy sýužet» we «Tehniki üstünlikler üçin» nominasiýalarda tapawutlandy. «Iň gowy aktýorlyk oýny» üçin baýragy oýnuň ýapon wersiýasynda personaž Hinako ses beren Konasu Kato aldy.
Ýeňiş sany boýunça ikinji orunda Look Outside horrory ýerleşdi. Ol «Iň gowy çeper bezeg» we «Iň gowy indi-horror» üçin baýraklara mynasyp boldy.
Beýleki laureatlaryň arasynda şular bar:

  • ·«Oýunçylaryň saýlany» – No, I’m not a Human;
  • ·«Iň elýeterli horror» – Little Nightmares III;
  • ·«Iň köp garaşylýan horror» – Resident Evil Requiem;
  • ·«Iň gowy saundtrek» – DOOM: The Dark Ages;
  • ·«Iň köp ulanyjyly horror» – R.E.P.O.
  • ·«Iň gowy VR-horror» – The Midnight Walk.

«Pudaga goşan goşandy üçin» ýörite baýragy Hideo Kodzima aldy. Red Barrels studiýasy «Iň gowy işläp düzüji» diýlip ykrar edildi, Black Eyed Priest bolsa «Iň gowy indi-işläp düzüji» boldy. «Horror kontenti dörediji» kategoriýasynda Markiplier ýeňiş gazandy. 

şu gün 12:35
1.6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......