Daşary ýurtly dalaşgärler Hytaýda okamak üçin bitewi giriş synagyny tabşyrmaly bolar

  • 20.12.2025 10:20
  • 3.5k+

2026-njy ýyldan başlap, Hytaýda bakalawr maksatnamalaryna okuwa girýän daşary ýurtly raýatlar üçin bitewi milli giriş synagy girizilýär. Bu barada Hytaýyň Türkmenistan­daky ilçihanasy Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrligine salgylanyp habar berdi.

Täze synag China Scholastic Competency Assessment (CSCA) diýlip atlandyrylýar we daşary ýurtly dalaşgärleriň akademiki taýýarlyk derejesini bahalandyrmagyň hökmany ölçegine öwrüler. Ilkinji tapgyrda, 2026-njy ýyldan başlap, CSCA-nyň netijeleri Hytaýyň öňdebaryjy 282 uniwersitetine kabul edilende hasaba alnar. 2028-nji ýyldan başlap bolsa, daşary ýurtly talyplar üçin bakalawr maksatnamalaryny amala aşyrýan ähli Hytaý uniwersitetlerinde bu synag hökmany bolar.
CSCA dalaşgärleriň hytaý dilini bilmek derejesini hem-de esasy akademiki taýýarlygyny bahalandyrmaga gönükdirilendir. Synag hökmany we ugurlaýyn derslerden ybaratdyr.
Ähli dalaşgärler üçin hökmany bolan synag — akademiki we adalgaşynaslyk taýýarlyga gönükdirilen hünär hytaý dili boýunça synagdyr.
Soňra dalaşgärler 
tebigy ylmy ýa-da inženerçilik ugruny ýa-da ynsanperwer ugry saýlaýarlar.
Saýlanan ugra baglylykda synag aşakdaky dersleri hem öz içine alýar:

  • matematika (hökmany ders),
  • fizika ýa-da himiýa — saýlap alynýar.

2026-njy ýyldan başlap, CSCA synagy ýylda bäş gezek — ýanwar, mart, aprel, iýun we dekabr aýlarynda geçiriler. Synag onlaýn görnüşde hem-de 20 ýurtda açylmagy meýilleşdirilýän oflaýn synag merkezlerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
CSCA Hytaýda bilim almagy meýilleşdirýän daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenen standartlaşdyrylan synagdyr. Onuň netijeleri uniwersitetler tarapyndan kabul etmegiň iň pes ölçegi hökmünde ulanylar, şeýle hem talyp haklaryny we grantlary paýlamakda hem hasaba alnyp bilner.
Synagyň formaty we talaplary barada goşmaça maglumatlar CSCA-nyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.


düýn 09:44
1.9k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 14:46
4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

18.04.2026 23:48
2.2k+

Aşgabatda Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministriň orunbasary Azat Ataýewiň Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki......

16.04.2026 15:51
3.9k+

Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi

15-nji aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu......