Hytaýly mekdep okuwçysy bir minutda 422 gezek ýüpde böküp, rekord goýdy

  • 18.12.2025 22:16
  • 7.8k+

Hytaýyň Guandun welaýatyndan orta mekdebiň gyz okuwçysy bir minutda 422 gezek ýüpde böküp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada «Beýszin žibao» hytaý gazeti habar berýär.

Üstünlik Uly aýlagyň Guandun-Gonkong-Makao sebitinde ýetginjekleriň arasynda açyk ýaryşyň deslapky tapgyrynyň dowamynda hasaba alyndy. Rekord eýesi Foşan şäheriniň ýaşaýjysy boldy.

«Guandun welaýatynyň Foşan şäherinden orta mekdebiň okuwçysy Çen Szýasin bir minutda 422 gezek ýüpde bökdi» — diýip, çeşme habar berdi.

Mundan öň, ýanwarda Çanszi uniwersitetiniň 23 ýaşly talyby Alapati Ýimaýer bir minutda 388 gezek ýüpde böküp, dünýä rekordyny goýupdy.


11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

11.06.2026 10:59
7.4k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

10.06.2026 08:04
9.7k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....