Hytaýly talyp bir minutda 388 gezek ýüpde böküp, dünýä rekordyny täzeledi

  • 20.01.2025 13:03
  • 8.3k+

Hytaýyň Çanszi uniwersitetiniň 23 ýaşly talyby Alapati Ýimaýer ýüpde bökmegiň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol bir minutda 388 gezek bökdi we bu sekuntda 6 böküşden gowrakdyr diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda aýdylýar.

“Bökmegi gutaranymdan soň, aýaklarym titreýärdi, “beýnim” bolsa öçdi” – diýip, türgen belledi.

Alapati rekorda tarap ýoluny orta mekdepde, ýönekeý bir güýmenjeden başlady. Ýöne wagtyň geçmegi bilen başarnygynyň bardygyna düşünip, türgenleşiklere has çynlakaý çemeleşip başlady.
Ol Çanszi uniwersitetinde ýüpde bökmek boýunça topara goşuldy, bu ýerde tälimçi Çen Binszeniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen türgenleşikler onuň üstünlik gazanmagynda möhüm rol oýnady.

“Tälimçi Çen maňa diňe bir tehnikany öwretmedi – ol meniň ritmimi kämilleşdirdi we meniň, aýratynam, garşydaşlar tarapyndan basyşyň bar şertlerinde psihologiki durnuklylygymy güýçlendirdi” – diýip, rekord eýesi belledi.

2024-nji ýylyň oktýabrynda Ýimaýer ýüpde bökmek boýunça Hytaýyň Açyk çempionatynda üç minutda bökmek boýunça erkekleriň arasynda çempion titulyny gazandy.
Ýeňişden soň, ol Ginnesiň rekordyny täzelemäge ukyplydygyna düşündi. Ýöne bu aňsat bolmady.

“Üç minutlyk böküş – bu çydamlylyk, bir minutlyk bolsa – partladyjy güýç. Ilkibaşda intensiwlik çydar ýaly däldi. Aýaklarym şeýle bir güýçli agyrýardy welin, men ýatyp bilemokdym, ýöne her gezekki sähel kämilleşme meni maksada ýakynlaşdyrdy” – diýip, türgen paýlaşýar.

Üstünlik gazanandan soň bolsa, ýaş ýigit hatda baýram etmäge güýjüniň bolmandygyny belleýär.
Indi Alapati tälimçi bolup, beýlekileri ruhlandyrmak isleýär.

“Erjel boluň. Siz synanyşyp görýänçäňiz öz çägiňizi bilmersiňiz” – diýip, ol maslahat berýär.


düýn 18:02
2.9k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 12:39
4.7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

düýn 08:03
4.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 18:42
5.4k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......