Tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary EA "köpürjigi" bilen bagly gorky sebäpli aşak düşdi

  • 19.12.2025 17:58
  • 3.6k+

ABŞ-nyň gazna bazarynda emeli aňa ýöriteleşýän tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň pese gaçyşy hasaba alyndy. Onuň esasy sebäbi Blue Owl Capital maýa goýum kompaniýasynyň Miçiganda Oracle-yň 10 mlrd dollarlyk maglumat merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirmekden boýun gaçyrmagy boldy diýip, Financial Times ýazýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Oracle-yň gymmatly kagyzlary bahasynyň tas 5%-ini ýitirdi. Nasdaq Composite indeksi 1,1% peseldi. Oňyn däl dinamika bazaryň beýleki oýunçylaryna-da täsir etdi: Broadcom-yň paýnamalary 5,5%, Nvidia – 3%-den gowrak, Google-yň baş kompaniýasy Alphabet bolsa – tas 3% pese gaçdy.
Milliarder Larri Ellisona degişli bolan Oracle-yň paýnamalary soňky alty aýda, takmynan, 14% arzanlady. Ellison üçin Blue Owl Capital-yň boýun gaçyrmagy soňky birnäçe günde ikinji zarba boldy. Ozal Warner Bros. Discovery holdinginiň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň (Paramount Ellisonlaryň maşgalasy tarapyndan dolandyrylýar) 108,4 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwrüpdi.
Goldman Sachs bankynyň analitikleri indi esasy ünsüň EA-dan gelýän hakyky girdejilere we maýa goýumlaryň ödeýjiligine gönükdiriljekdigini belleýär. Bilermenler EA modellerini işläp düzýän kompaniýalaryň maliýe durnuklylygyna hem gözegçiligiň güýçlenjekdigini çaklaýar. Çünki, bu kompaniýalaryň uly mukdardaky çykdajylary mikroshema öndürijileriniň girdejileriniň ep-esli bölegini emele getirýär.
Barclays analitigi Wenu Krişna tehnologiýa pudagynyň kompaniýalarynyň amerikan gazna bazarynyň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup galýandygyny belledi. Bu EA-a görlüp-eşidilmedik maýa goýumlar bilen baglanyşyklydyr. Onuň maglumatlary boýunça, iň uly on kompaniýanyň paýyna häzir S&P 500 indeksiniň girdejileriniň, takmynan, üçden biri we umumy bazar bahasynyň 40%-den gowragy düşýär. Bu bolsa 1980-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir. 


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......