Marokko futbol boýunça Arap milletleriniň kubogynyň finalynda Iordaniýany utdy

  • 19.12.2025 16:57
  • 6.5k+

Marokkonyň milli futbol ýygyndysy 2025-nji ýylyň Arap milletleriniň kubogy ýaryşynyň final oýnunda Iordaniýanyň toparyny utup, ýeňiji boldy. Duşuşyk Katardaky «Lusail» stadionynda geçirildi we goşmaça wagtda 3:2 hasabynda tamamlandy (esasy wagt deňme-deň – 2:2 boldy).

Marokkonyň ýygyndysynyň düzüminde Ussama Tannane (4-nji minut) we Abderrazak Hamdalla (87) gol geçirdi. Garşydaş topardan iki goly hem Ali Olwan girizdi (48 we 68, penaltiden). 100-nji minutda ýeňiş goluny Hamdalla öz hasabyna ýazdy.
Marokko üçin bu titul taryhda 2012-nji ýyldaky ýeňişden soň ikinji boldy.
Üçünji ýer üçin Saud Arabystany bilen BAE-niň arasyndaky oýun howa şertleri we «Halifa» meýdançasyny suw basmagy sebäpli ýatyryldy. Halkara futbol federasiýasy (FIFA) oýny 0:0 hasabynda gutaran diýip hasaplady we bürünç medallary iki topara-da berdi.
2025-nji ýylyň Arap milletleriniň kubogy 11-nji we FIFA-nyň howandarlygynda ikinji ýaryş boldy. Ozal ýaryş Arap futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UAFA) tarapyndan geçirilýärdi. Katar bu ýaryşy üçünji gezek kabul etdi.
Ilkinji gezek Arap milletleriniň kubogy 1963-nji ýylda Liwanda geçirildi, şol wagt Tunis ýeňiji boldy. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......