Messä Hindistanda 1,1 mln dollarlyk seýrek sagat sowgat berildi: dünýäde olar bary-ýogy 12 sany

  • 19.12.2025 09:16
  • 16k+

«Inter Maýami» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Hindistana eden sapary wagtynda bahasy 1,1 mln dollardan gowrak bolan eksklýuziw Richard Mille RM 003-V2 GMT Tourbillon 'Asia Edition' sagadyny sowgat aldy. Gulf News neşiriniň maglumatlaryna görä, sagady futbolça Hindistanda iň baý adamyň ogly, işewür Anant Ambani sowgat berdi.

Hindistana sapary wagty Messi topardaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Mumbaýa, Nýu-Delä, Haýdarabada we Kalkutta bardy. Hususan-da, futbolçylar Anant Ambani tarapyndan esaslandyrylan Wantara ýabany tebigaty halas etmek we gorap saklamak merkezine baryp gördi.

Argentinaly oýunça sowgat berlen sagat bary-ýogy 12 nusgada çykaryldy, bu bolsa modeli brendiň hatarynda iň seýrek sagatlaryň birine öwürýär. Aksessuaryň korpusy gara karbondan ýasaldy, onuň siferblaty bolsa dury bolup, tutuş mehanizmiň işleýşi görünýär.

Wantara merkezine barmakdan başga-da, Messi dürli medeni çärelere gatnaşdy.

Hindistana sapar guramaçylyk meseleleri, aýratynam, Kalkuttadaky wakalardan soň garyşyk reaksiýany döretdi. Ýöne bu sapar hindi janköýerleri üçin häzirki zamanyň iň beýik futbolçylarynyň birini janly görmek üçin seýrek mümkinçilik boldy.

Gezelençden soň Messi Instagram-da hindi janköýerlerine goldawy we mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, wideo ýerleşdirdi. Şeýle-de, ol geljekde Hindistana ýene barmaga wada berdi. 


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....