«Biz ýene bärde»: Amazon ABŞ-nyň Birinji hanymy barada dokumental filmiň treýlerini görkezdi

  • 19.12.2025 15:39
  • 2.2k+

Amazon MGM Studios kinostudiýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň aýaly Melaniýa Trampyň durmuşyna bagyşlanan «Melaniýa» dokumental filminiň ilkinji treýlerini hödürledi.

Film onuň adamsynyň resmi Prezident wezipesine girişmek dabarasyndan öň ýigrimi günlük döwri öz içine alýar. Wideo Kapitoliýa rotondasynda Melaniýanyň kamera «Biz ýene bärde» diýýän sahnasy bilen açylýar.
Taslamany döretmek pikiri ABŞ-nyň Birinji hanymynyň özüne degişli, ol filmiň prodýuseri bolup hem çykyş etdi. Pikir 2024-nji ýylyň noýabrynda, Trampyň saýlawlardaky ýeňşinden soň peýda boldy. Şeýle filmi çykarmak hukugy üçin Disney, Netflix we Paramount ýaly uly media ägirtleri bäsleşdi, ýöne Amazon we MGM 40 mlrd dollar teklip edip, eksklýuziw ylalaşyk gazandy.
Filmiň kinoteatrlarda global premýerasy 30-njy ýanwara meýilleşdirilýär. Soňra Amazon taslamany Prime platformasynda seriala çenli giňeltmek isleýär diýip, Fox News habar berýär.


düýn 12:34
1.3k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......