Aşgabatda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

  • 18.12.2025 23:57
  • 1.7k+

17-nji dekabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar.

Neda Berger duşuşygy açyp, Gahryman Arkadagymyz bilen ýakynda geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi.
Ol 2008-nji ýylda bu toparyň döredilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny aýdyp, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalara, maglumat alyşmalaryna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda soňky ýyllarda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygyna aýratyn ünsi çekdi.
Türkmen tarapyndan çykyş edenler özara ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurt hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan uly mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýar. Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we dostluk toparynyň iş ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Sanly ulgam arkaly çykyş edenler işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny aýdyp, täze başlangyçlaryň hem-de durmuşa geçirilýän taslamalaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni diplomatiýa arkaly gatnaşyklary has-da ilerletmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Mejlisde 2026-njy ýyl üçin geljegi uly beýleki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň işini işjeňleşdirmäge, bilelikdäki işe öňdebaryjy türkmen kompaniýalaryny çekmäge degişli meselelere hem garaldy.


08.06.2026 17:48
6.3k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.2k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....