Olimpiadany geçirmegiň bahasy näçe? Pariže ol 2,8 mlrd ýewro düşdi

  • 18.12.2025 22:53
  • 2.6k+

Fransiýanyň Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýasy 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bahasyny 2,8 mlrd ýewro diýip hasaplady. Bu barada Europe 1 radiostansiýasy habar berdi.

«2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň arassa bahasy Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýa tarapyndan 2,8 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar» — diýlip, radiostansiýanyň habarynda aýdylýar.

Bu Fransiýanyň Hasap palatasynyň beren bahasyndan ep-esli pesdir. Palata 2024-nji ýylyň sentýabrynda Oýunlaryň 6,6 mlrd ýewro düşendigini aýdypdy. Europe 1 hasaplardaky tapawudy hasaplaýyş usulyýeti bilen baglanyşdyrýar: Meýilnamalaşdyryş boýunça komissiýa diňe bir göni çykdajylary däl, eýsem Oýnuň Fransiýada iş orunlaryna we infrastrukturanyň ösüşine ýetiren oňyn täsirini hem göz öňünde tutýar.
Pariždäki Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçirildi. Paralimpiýa oýunlary bolsa 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda boldy. 


düýn 20:10
5.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......