FIFA bahalar tankytlanandan soň DÇ-2026 üçin käbir petekleriň bahalaryny arzanlatdy

  • 18.12.2025 23:12
  • 5k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin petekleriň täze arzan kategoriýasyny girizdi. Bu guramanyň baha syýasatynyň ýiti tankytlanmagynyň netijesi boldy.

«Janköýerler üçin giriş petegi» atly täze kategoriýa boýunça petek bahasy 60 dollar bolar. Bu petekler milli ýygyndylaryň iň wepaly janköýerlerine niýetlenýär.
Guramanyň resmi saýtyndaky maglumatlara görä, şeýle petekler ýaryşyň 104 oýnunyň ählisi, şol sanda final oýny üçin elýeterli bolar. Ýöne satuw bilen FIFA däl-de, gatnaşýan agza assosiasiýalar (PMA) meşgullanar. Assosiasiýalaryň her biri petegi kime bermelidigini we arza tabşyrmagyň tertibini özbaşdak kesgitlär.
Täze kategoriýa ýaryşyň her oýny üçin ähli petekleriň 10%-ini tutar. Şol bir wagtyň özünde, her ýurda öz milli ýygyndysynyň oýny üçin stadion sygymynyň 8%-ine deň möçberde kwota berler.
Ozal Ýewropanyň futbol janköýerleriniň assosiasiýasy (FSE) petek bahalaryny talaňçylykly diýip atlandyrdy we FIFA bilen gepleşikleri geçirmek üçin satuwy togtatmagy talap etdi. Çünki, arzan kategoriýada final üçin petek bahasy 4185 dollardan başlaýardy. Ýedi ýyl mundan ozal ýaryşy geçirmäge arza tabşyrylanda guramaçylar petek bahalarynyň 21 dollardan başlajakdygyna wada beripdi, iň arzan kategoriýada finala çenli petekleriň doly bahasy bolsa 2242 dollar bolmalydy.
Bu ýagdaýa Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer hem teswir berdi. Ol oýunlary raýatlar üçin elýeterli etmäge çagyrdy.

«FIFA-nyň petek bahalarynyň arzanladylandygy baradaky habaryna begenýärin. Ýöne ozal petek üçin pul üýşüren adam hökmünde men guramany petekleriň hakykatdan-da elýeterli bolmagy we dünýä çempionatynyň oýny aýratyn edýän hakyky janköýerler bilen aragatnaşygyny ýitirmezligi üçin has köp iş etmäge çagyrýaryn» - diýip, syýasatçy X sosial ulgamynda ýazdy.

FIFA-nyň maglumatlaryna görä, tötänleýin bije çekilişikde eýýäm 20 milliondan gowrak arza kabul edildi. Gurama ýaryşdan gelen girdejileriň erkekler, zenanlar we ýaşlar futbolynyň ösüşine gönükdiriljekdigini belledi.


düýn 18:20
2.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......