Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasy bilen Awazada golf meýdançalaryny gurmak mümkinçiligini maslahatlaşdy

  • 18.12.2025 22:41
  • 9.3k+

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde oňyn tejribe toplandygyny aýdyp, Aşgabat şäherinde gurlan we halkara standartlaryna laýyk gelýän, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda meşhur bolan döwrebap golf klubunyň taslamasyny bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Bu taslama Türkmenistanda golfy ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sport infrastrukturasyny ösdürmekde Türkmenistan bilen «Niklaus Сompanies» kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça alyp barýan işleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapjakdygyna hem-de ony ösdürmekde möhüm orna eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi Awazany ýurdumyzyň öňdebaryjy dynç alyş we sport merkezine öwürmekde nobatdaky ädim bolar.
Işewür Türkmenistanda sport ulgamyny, hususan-da, golf sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hemişe ygrarlydygyny tassyklady.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......