Serdar Berdimuhamedowyň ýaponiýaly işewürler bilen duşuşygyndan soň 11 resminama gol çekildi

  • 20.12.2025 10:51
  • 10k+

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  1. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  2. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Sumitomo Corporation Europe Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  3. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Mitsubishi Corporation Machinery, Inc.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  4. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Sony Middle East and Africa FZE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  5. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «Mizuho Bank, Ltd.» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  6. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  7. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda talyplary alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  8. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  9. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryny amala aşyrmak möhletini uzaltmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  10. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçiligini ygtybarly ýola goýmak işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  11. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy doly taýýar edip gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding”, “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem şol gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.
Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......