Leonardo Di Kaprio «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini aýtdy

  • 19.12.2025 15:41
  • 15k+

Leonardo Di Kaprio baş keşbinde oýnan «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini boýun aldy. Bu barada aktýor Variety neşiri üçin söhbetdeşlikde aktrisa Jennifer Lourense aýtdy.

Lourens aktýoryň tas otuz ýyl mundan ozal çykan filme gaýtadan tomaşa edýändigi ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy. «Ýok. Men ony öňem görmändim» — diýip, Di Kaprio jogap berdi. Aslynda, aktýor öz gatnaşan filmlerini görmegi halamaýar eken.
Jennifer Lourens hem şeýle endige eýerýändigini aýdyp, kärdeşine, her niçik-de bolsa, filmiň gerimine baha bermegi maslahat berdi. «Gör, ol ajaýyp» — diýip, aktrisa belledi. Ol bu taslamanyň aýratyndygyny belläp, «Men “Titanige» meňzeş taslamada hiç haçan düşmändim, ýöne düşen bolsam, hökman görerdim» diýdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....