Türkmenistanyň Prezidenti ýaponiýaly işewürleri täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy

  • 19.12.2025 14:40
  • 3.7k+

19-njy dekabrda Tokioda «Palace Hotel Tokyo» myhmanhanasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Duşuşyga Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň başynda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şu duşuşygy guramak başlangyjyny öňe sürendikleri üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýapon kompaniýalary bilen ozal ýola goýlan we özüni oňat tarapdan görkezen hyzmatdaşlygyň görnüşlerini yzygiderli çuňlaşdyrmagy dowam etdirýändigini, şol bir wagtda-da täze, has iri maksatlara ýetmäge ymtylýandygyny aýtdy.
Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologik ösüşiň, ykdysadyýete innowasion çemeleşmäniň, senagat ösüşiniň hem-de ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşmasynyň nusgasy bolup durýar. Biziň ýurdumyz öz ykdysady nusgasyny toplumlaýyn esasda özgertmegiň zerurdygyndan ugur alyp, birnäçe ileri tutulýan ugurda ünsi jemledi. Ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmak, «ýaşyl» geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle-de milli we halkara ulag-logistika baglanyşygyny ösdürmek şolaryň hataryndadyr.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ençeme ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berip, olary agzalan ugurlarda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Aýratyn-da, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalar bilen suw üpjünçiligi, suwy arassalamak, galyndylary dolandyrmak, «ýaşyl» we wodorod energetikasy, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipler beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda işewürler döwlet Baştutanynyň Ýaponiýa saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, ýapon kompaniýalarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýar.


düýn 11:28
545

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......