Süýji suwly derýada ýaşan mozazawryň galyndylary tapyldy

  • 19.12.2025 10:31
  • 7.1k+

Paleontologlar ABŞ-nyň demirgazygynda deňiz mozazawrynyň galyndylaryny tapdylar. Onuň dişleriniň himiki düzümi bu ýyrtyjynyň süýji suwly derýada ýaşandygyny görkezýär. Bu ilkinji şeýle açyş bolup, öň diňe deňiz süýrenijileri hasaplanýan mozazawrlaryň mümkin bolan görnüşleri baradaky düşünjämizi ep-esli giňeldýär diýip, Upsala uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bu açyş Demirgazyk Dakotanyň merkezi böleginden tapylan mozazawryň dişleri öwrenilýän mahalynda edildi. Galyndylar takmynan 66–72 million ýyl mundan ozal, Bor döwrüniň ahyrynda ölen köp sanly haýwanlaryň umumy "köpçülikleýin mazaryndan" tapyldy. Krokodiller, tirannozawrlar we ördek tumşukly dinozawr-edmontozawr ýaly gury ýerde we süýji suwly ýerde ýaşan haýwanlaryň galyndylarynyň arasynda mozazawryň dişleriniň bolmagy barlagçylar üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy.

Hažžygyň gelip çykyşyny kesgitlemek üçin alymlar onuň dişiniň emalyndaky stronsiýiň, kislorodyň we uglerodyň izotopiki seljermesini geçirdiler. Deňizde we gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň arasynda düýpli tapawutlanýan izotop gatnaşygy mozazawryň beýleki hažžyklaryň tapylan sebiti bilen bir sebitde doglup, ösüp ýetişendigini görkezdi.

"Bu mozazawryň dişleriniň izotopiki seljermesi onuň süýji suwly derýanyň gurşawynda ýaşandygyny we wagtal-wagtal derýa düşüp duran dinozawr galyndylary bilen iýmitlenendigini görkezýär. <...> Bu mozazawrlaryň ýok bolmazdan birnäçe million ýyl öň süýji suwly gurşawda ýaşandygyny görkezýär" diýip, Upsala uniwersitetiniň paleontology Melaniýa Dýuring aýtdy.

Alymlar awtobusyň ululygyna ýetip bilýän bu gadymy ýyrtyjynyň derýada gark bolan dinozawrlar bilen iýmitlenip, saý suwlarda iýmit gözländigini çaklaýarlar.

Bilermenler bu hažžyklaryň nähili iýmit iýendigi we mozazawryň dürli görnüşleriniň arasyndaky bäsdeşligiň näderejede ýiti bolandygy bilen köpden bäri gyzyklanyp gelýärler.


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.3k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......