Müsüriň Aýn-Sohna porty dünýäde iň çuň emeli duralga diýlip ykrar edildi

  • 18.12.2025 23:14
  • 4.4k+

Müsürdäki Aýn-Sohna porty gury ýerde döredilen dünýäde iň çuň emeli port akwatoriýasynyň eýesi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Duralganyň çuňlugy 19 metre barabar diýip, Al-Ahram Establishment habar berýär.

Şeýle çuňluk portuň iň uly deňiz gämilerini kabul edip biljekdigini aňladýar. Bu Aýn-Sohnanyň mümkinçiliklerini giňeldip, Müsüriň halkara söwdasyndaky we logistikadaky ornuny güýçlendirýär.
Ginnesiň ygtyýarly emini El-Dafrawi Rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny Müsüriň premýer-ministriniň orunbasary hem-de senagat we ulag ministri Kamel al-Wazira gowşurdy. Dabara Gyzyl deňziň kenarynda ýerleşen porta sapar mahaly geçirildi.
Saparyň dowamynda Kamel al-Wazir Hutchison konteýner terminalynyň synag ulanylyşy bilen hem tanyşdy. Terminal Aýn-Sohna portunda işleýär we Gyzyl hem Ortaýer deňizlerini birleşdirýän uly ulag geçelgesiniň bir bölegidir. 


şu gün 10:59
4.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
4.9k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.8k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.1k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....