Nissan we Infiniti awtomobillerinde sesi sürüjiniň eşidişine görä sazlamak üçin funksiýa peýda boldy

  • 18.12.2025 22:12
  • 3.5k+

Nissan kompaniýasy sesiň ýaňlanyşyny sürüjiniň eşidiş aýratynlyklaryna görä sazlamak üçin niýetlenen mugt Personalized Sound programmasyny işe girizdi. Hyzmat Google built-in multimedia ulgamy bilen üpjün edilen Nissan we Infiniti awtomobilleriniň eýeleri üçin Google Play dükanynda elýeterli boldy diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Hyzmatyň işi multimedia ulgamynyň ekranynda geçirilýän üç minutlyk eşidiş synagyna esaslanýar. Synagyň netijesi boýunça algoritm awtomatik taýdan 10 zolakly ekwalaýzeri 50-den 1200 Gs-e çenli ýygylyk diapazonynda sazlaýar.
Taslamany döretmek işi tas 18 aý wagt aldy we inženerleri hem-de eşidiş derejesi dürli bolan işgärleri, şol sanda eşitmek ukybyny kem-käsleýin ýitiren adamlary işe çekdi.
Programma adaty we premium audioulgamlar bilen gabat gelýär. Häzirki wersiýa sesiň Bluetooth we Spotify hem Audible ýaly gurnalan programmalaryň üsti bilen ýaňlanmagyny goldaýar. Funksiýa 2025-2026-njy ýyllaryň modellerine goşuldy. Olaryň arasynda Armada, Murano, Rogue, şeýle-de Infiniti QX80 we QX65 awtomobilleri bar.
Ulgam awtomobil açaryna ýa-da akkaunta baglanan birnäçe ses profilini saklap galmaga mümkinçilik berýär. Haçan-da ruluň başyna başga bir adam geçende, awtomatik taýdan onuň ses sazlamalary işjeňleşdirilýär. Içerki synaglaryň netijesine görä, ulanyjylaryň 96%-i şahsy sazlamalaryň işjeň ýagdaýda saklanmagyny makul bildi. Kompaniýa 2026-njy ýylda hyzmatyň funksiýalaryny giňeltmegi meýilleşdirýär. 


20.04.2026 21:03
4.1k+

2026-njy ýylyň Nissan Sentra ulagy IIHS-iň howpsuzlyk boýunça iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň täzelenen Nissan Sentra sedany IIHS amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň howpsuzlyk boýunça iň ýokary Top Safety Pick+ bahasyna mynasyp boldy....

14.04.2026 20:19
3.2k+

Nissan kompaniýasy rowaýata öwrülen Xterra-ny we X-Trail-iň, Juke-yň we Skyline-yň täze nesillerini yzyna getirýär

Nissan kompaniýasy öz ösüş strategiýasyny täzeledi, global modelleriniň sanawyny 56-dan 45-e çenli azaltjakdygyny we awtoulaglarynyň 90% -inde emeli aňyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi....

22.03.2026 04:10
2.2k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...

13.03.2026 07:23
2.2k+

Nissan 2026-njy ýylyň täzelenen X-Trail krossowerini hödürledi

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin X-Trail krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobil daşky görnüşinde ujypsyzja üýtgeşmelere, täze programma üpjünçiligine we sürüji üçin kämilleşdirilen kömekçi ulgamlaryna eýe boldy...