Beýik Britaniýaly är-aýal ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy

  • 19.12.2025 09:29
  • 8.5k+

Britaniýadan är-aýal soňky ýedi ýylda ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy. Metro neşiri ýeňijileriň nobatdaky uly şowlulyga garamazdan, öňki işinde zähmet çekmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini ýazýar.

Baýragyň eýeleri 49 ýaşly kurýer Riçard Dewis we onuň psihiatrik kömek ulgamynda işleýän 43 ýaşly aýaly Feý Dewis boldy. Olar ilkinji millionyny 2018-nji ýylda alypdy. 2025-nji ýylyň noýabrynda är-aýal ýene-de bäş sany we bonus şaryny bilip, jekpot utdy. Käbir bilermenler şeýle wakanyň bolmak ähtimallygyny 24 trilliondan bir gezek diýip hasaplaýar.  

Ýeňijiler muny «oňyn pikirlenmek» bilen baglanyşdyrýar. Birinji ýeňişden soň Feý Dewis işden gidip, maslahat we terapiýa ugrunda ikinji ýokary bilimi alyp bildi. Şondan soň hususy praktikany açdy. Onuň adamsy Riçard dellekçi kärini kurýer işine çalyşdy. Onuň aýtmagyna görä, ol dynç günsüz diýen ýaly işleýär we mundan lezzet alýar.

Birinji utuşdan soň maşgala haýyr-sahawat maksatlaryna awtomobilleri, ýerli regbi toparyna mikroawtobus sowgat etdi we dostlaryna hem garyndaşlaryna maliýe kömegini berdi. Bu gezek är-aýal gyssagly netije çykarmakdan saklanmak isleýär.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
991

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......