ChatGPT-niň içinde programmalar dükany peýda boldy

  • 19.12.2025 15:51
  • 2.1k+

OpenAI kompaniýasy gönüden-göni ChatGPT çat-botunyň interfeýsine girizilen programmalaryň katalogyny hödürledi. Täze çözgüt ulanyjylara çatdan çykmazdan üçünji tarap hyzmatlaryny birikdirmäge, aýdym-sazy dolandyrmaga ýa-da resminamalar bilen işlemäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar.

Mysal üçin, Apple Music-iň birleşdirilmegi aýdym gözlemäge we pleýlist döretmäge mümkinçilik berýär. DoorDash hyzmaty reseptler boýunça satyn almaly zatlary meýilleşdirmäge kömek edýär, Dropbox-yň birikdirilmegi bolsa faýllary seljermäge we olaryň mazmunyny umumylaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Katalogdaky ähli programmalar kategoriýalar boýunça bölündi. Guraly işjeňleşdirmek üçin ulanyja sanawdan programmany saýlamak, «Connect» düwmesini basmak we elýeterlilige rugsat bermek gerek, şondan soň çatda saýlanan programmanyň funksiýalary elýeterli bolar.
OpenAI işläp düzüjilere öz programmalaryny sanawa goşmaga rugsat berdi. Kompaniýa taýýar gurallary, kod mysallaryny we programma üpjünçiligini döretmek boýunça görkezmeleri hödürledi. Häzirki tapgyrda monetizasiýa daşarky salgylanmalaryň üsti bilen amala aşyrylýar, ýöne neşiriň maglumatlaryna görä, kompaniýa içerki töleg gurallaryny girizmek mümkinçiligini öwrenýär. 


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......