Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşyny ABŞ-da geçirmek meselesi maslahatlaşyldy

  • 19.12.2025 18:09
  • 6.8k+

ABŞ-da Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak meýilleşdirilýär. Bu barada 17-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen «FIT International» konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwardsyň arasynda geçirilen duşuşykda pikir alşyldy.

Çäräni Türkmenistanyň ilçihanasy bilen bilelikde geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda «FIT International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap, bu şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin däp bolan çakylyk üçin hoşallygyny bildirdi hem-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli Halkara forumynyň ähmiýetini we netijeliligini aýratyn belledi.
Taraplar «FIT International» kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellemek bilen, onuň Türkmenistanyň möhüm we ähmiýetli wakalary mynasybetli geçirilen tematiki çäreleriň guralmagyna işjeň gatnaşandygyny nygtadylar.
2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki medeni we bilim ugurly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine aýratyn orun berildi.
Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ABŞ-nyň degişli guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......