Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy

  • 19.12.2025 13:38
  • 7.2k+

Şu gün, 19-njy dekabrda Tokio iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. 

"Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany gepleşikleriň başynda Imperator Naruhito bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyny aýdyp, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Imperatory Osakada geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyna kanagatlanma bildirilip, ýokary tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat çözgütleri, durnukly ösüş ýaly ugurlarda özara gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi. Hususan-da, ekologik howpsuzlyk, «ýaşyl» energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ýaly ulgamlarda Ýaponiýanyň toplan tejribesiniň türkmen tarapynda aýratyn gyzyklanma döredýändigi aýdyldy. Şeýle-de taraplaryň ylym-bilim, medeniýet, ylmy we akademiki alyşmalar babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......