Marşall Adalary dünýäde ilkinji bolup raýatlara esasy girdejini tölemäge başlady

  • 19.12.2025 09:50
  • 5.9k+

Marşall Adalary umumymilli esasy girdeji maksatnamasyny işe girizdi – ýurduň her bir ýaşaýjysy her çärýekde 200 dollar alar diýip, The Guardian habar berýär. Neşir ýurduň şeýle maksatnamany girizen dünýäde ilkinji döwletdigini belleýär.

Tölegler hiç hili şertsiz her bir ýaşaýja degişlidir. Marşall Adalarynyň ýaşaýjylary olary adaty walýutada ýa-da ABŞ dollaryna baglanan steýblkoin görnüşinde alyp biler. Pullary bank hasabyna geçirip, çek ýa-da sanly gapjyk arkaly alyp bolýar.

«Biz, hökümet, hiç kimiň ünssüz galmazlygyny üpjün etmek isleýäris. Çärýekde adam başyna 200 dollar ýa-da ýylda 800 dollar sizi işden çykmaga mejbur etmez, ýöne ahlak goldawy bolar» diýip, ýurduň maliýe ministri Dewid Pol The Guardian bilen söhbetdeşlikde belledi. Onuň aýtmagyna görä, ilkinji tölegler noýabryň ahyrynda geçirildi.

Bu başlangyç bahalaryň ýokarlanýan we ýaşaýjylaryň ýurtdan gidýän döwründe ilatyň sosial goragyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Taslama 1,3 mlrd ABŞ dollaryna barabar ýörite gaznadan maliýeleşdirilýär. Bu serişdeler arhipelagda ýadro synaglarynyň netijeleri üçin öwez tölegini göz öňünde tutýan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen şertnamanyň çäklerinde bölünip berildi. Waşington 2027-nji ýylyň ahyryna çenli ýene 500 mln dollar maýa goýmaly.

Maliýe menejeri Aneli Sarana ýurduň köp ýaşaýjylarynyň alnan puly şol bada azyk we beýleki zerur zatlary satyn almak ýaly esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin sarp edendigini aýtdy.

Marşall Adalary ABŞ bilen baglanyşygy bolan Ýuwaş umman döwletidir. 42 müň töweregi ilaty bolan ýurt Gawaý bilen Awstraliýanyň arasyndaky arhipelagda ýerleşýär. Numbeo saýtynyň maglumatlaryna görä, bu ýerde salgytlar tölenenden soň ortaça zähmet haky, takmynan, bir ýarym müň dollara barabar.

şu gün 08:13
1.3k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.4k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
692

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......