Türkmenistanyň Prezidenti Tokioda ýapon Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy

  • 19.12.2025 14:33
  • 3.4k+

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokio iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklaryny bellemek gerek. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns çekildi.     
Duşuşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa»  formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň ähmiýeti nygtalyp, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, iki ýurduň zenan ýolbaşçylarynyň özara hereketleriniň mehanizmini ýola goýmak bilen bagly teklipler beýan edildi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......