2.2k+

Kia kompaniýasy Niro krossoweriniň durkuny täzeledi

Kia kompaniýasy ilkinji gezek 2021-nji ýylda Günorta Koreýada peýda bolan Niro krossoweriniň täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy. Restaýlingden soň modeliň daşky görnüşi indi Kia-nyň elektrik awtoulaglaryna meňzedildi...

7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy

Samsung kompaniýasy 2026-njy ýylyň gyşynyň ahyrynda görkezilmegine garaşylýan Galaxy S26 Ultra flagman smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam 25-nji fewralda San-Fransiskoda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler, global satuwa bolsa 11-nji martda çykarylar...

9k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

3.9k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy...

4.3k+

Portugaliýa dünýäde ilkinji 1 MWt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasyny gurar

Portugaliýada dünýäde ilkinji 1 megawatt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berilýär. Taslama ýurduň demirgazyk kenarynda ýerleşer.  Desganyň gurluşygy amatly tolkun şertleriniň bardygy  tassyklanandan we meýdançanyň taslamasy jikme-jik işlenip düzülenden soň başlandy, - diýip, Interesting Engineering habar berýär...

2.3k+

Alymlar magnit tupanyny birnäçe ýyl öňünden çaklamagy öwrendiler

Halkara ylmy işgärler topary öňki Gün gözegçiliklerini seljermek arkaly geljekki Gün işjeňligini has takyk çaklamaga kömek etjek usul işläp düzdüler. Netijeler The Astrophysical Journal žurnalynda çap edildi. Bu barlagyň maksady Günüň polýar magnit meýdanynyň soňky 100 ýylda nähili hereket edýändigini dikeltmekdi...

2.2k+

Toni Starkyň «Ar alyjylar» filmindäki rodsteri auksiona çykaryldy

2012-nji ýylda surata düşürilen «Ar alyjylar» filminde Toni Starkyň/Demir adam-yň sürýän goýy gyzyl reňkli Acura NSX rodsteri ýakyn wagtda auksiona çykarylar. Ýatladyp geçsek, filmde gahrymanyň roluny Robert Dauni-kiçi ýerine ýetiripdi...

1.1k+

NASA Aýa uçuryljak Artemis II missiýasynyň kinematografik treýlerini görkezdi

NASA dört astronawtyň Aýyň töweregine 10 günlük syýahatyny göz öňünde tutýan Artemis II missiýasynyň treýlerini hödürledi. Uçuş 6-njy fewralda bolup biler. «Biz hiç kimiň hiç haçan görmedik zatlaryny göreris… Öwrenmäge ymtylmak – bu biziň kimdigimiziň düýp esasydyr… bu adam tebigatynyň bir bölegi» – diýip, wideoda astronawt Wiktor Glower aýdýar...

1.7k+

ChatGPT-ni döreden kompaniýa millardlap ýitgiden soň baryp 2029-njy ýylda girdejä çykyp biler

OpenAI 2029-njy ýylda 14 mlrd dollar möçberde arassa girdejä çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Information neşirine salgylanyp, PC Gamer portaly habar berýär. Işläp düzüjiniň içerki resminamalaryna görä, 2023-nji ýyldan 2028-nji ýyl aralygynda garaşylýan umumy ýitgiler 44 mlrd dollar bolar, ýitgileriň iň ýokary derejesi bolsa 2026-njy ýyla düşüp, 14 mlrd dollara ýeter...

1.7k+

Xiaomi YU7 dördünji çärýekde Hytaýda iň köp satylan krossower boldy

Xiaomi YU7 krossoweri 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Hytaýda öz segmentinde (SUV) ähli bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, satuwda birinji orny eýeledi. Smartfon we beýleki elektronik enjamlaryň öndürijisi bu üstünligi awtoulag bazarynda örän gysga wagtyň içinde gazanmagy başardy...

8.6k+

Awstriýada zähmet guralyny ulanmaga ukyply sygyr tapyldy

Awstriýada öz kowum-garyndaşlaryndan üýtgeşik ukyplara eýe bolan Weronika atly 13 ýaşly sygyr tapyldy. Onuň hojaýyny haýwanyň taýagy, sübsäni we dyrmygy ýokary göterip, olary endamynyň ýetmeýän ýerlerini gaşamak üçin ulanýandygyna syn etdi...

11k+

Sahara çölüne gar ýagdy

Sahara çölüniň Alžiriň Aýn-Sefra şäheriniň golaýyndaky demirgazyk bölegine gar ýagdy. Bu dünýäniň iň yssy we iň gurak sebitleriniň biri üçin seýrek duş gelýän tebigy hadysadyr. Gar bu ýere 17-nji ýanwarda ýagyp başlady...

916

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

5.9k+

Valentino-nyň esaslandyryjysynyň 2 milliard dollarlyk mirasy kime galar?

Italiýanyň «Il Messaggero» gazeti dünýä belli Valentino brendiniň esaslandyryjysy, meşhur modelýer Walentino Garawaniniň mirasy baradaky maglumatlary açyklady. 19-njy ýanwarda 93 ýaşynda aradan çykan dizaýneriň umumy baýlygy takmynan 2 milliard dollar möçberinde çaklanylýar...

2.2k+

«28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» prokata çaklamalardan pes başlady

«28 ýyl soň» horror filminiň dowamy bolan «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» prokatda garaşylan netijeleri görkezip bilmedi. Ilkinji uik-endiň jemi boýunça film bary-ýogy 13 mln dollar töweregi gazandy, analitikler bolsa kassa ýygymynyň 15-17 mln derejesinde bolmagyny çaklapdy...