Bezosyň kompaniýasy 6 Tbit/s maglumat geçirijilik tizligi bilen Starlink-iň bäsdeşini döreder

  • 23.01.2026 14:46
  • 1.5k+

Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy orbitada 5408 hemradan ybarat TeraWave aragatnaşyk toruny işe girizmegi meýilleşdirýär diýip, CNBC habar berýär.

Taslama maglumat merkezlerine, döwlet edaralaryna we korporatiw ulanyjylara hyzmat etmäge gönükdirilendir.  
Kompaniýanyň habaryna görä, hemralar toplumy Ýeriň pes we orta orbitasynda ýerleşdiriler. Maglumat geçirijilik tizliginiň sekuntda 6 terabite çenli bolmagyna garaşylýar. Programmanyň durmuşa geçirilip başlanmagy we ilkinji enjamlaryň orbita çykarylmagy 2027-nji ýylyň dördünji çärýegine meýilleşdirilýär.
Täze ulgam gönüden-göni SpaceX-iň Starlink ulgamy bilen bäsleşer. Neşiriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Ilon Maskyň ulgamynda 9000-den gowrak hemra bolup, olar 9 mln abonenti aragatnaşyk bilen üpjün edýär. 


düýn 00:31
1.7k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

29.05.2026 23:01
4.5k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 19:00
992

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......