Sahara çölüne gar ýagdy

  • 23.01.2026 11:30
  • 11k+

Sahara çölüniň Alžiriň Aýn-Sefra şäheriniň golaýyndaky demirgazyk bölegine gar ýagdy. Bu dünýäniň iň yssy we iň gurak sebitleriniň biri üçin seýrek duş gelýän tebigy hadysadyr.

Gar bu ýere 17-nji ýanwarda ýagyp başlady. Ak gar gatlagynyň gum depelerini örtmegi garyň we çöl peýzažynyň altynsow çäge bilen adatdan daşary utgaşmasyny döretdi.
Meteorologlaryň pikiriçe, garyň ýagmagyna Ýewropadan we Ortaýer deňzi sebitinden gelen güýçli sowuk howa massalary sebäp bolup biler. Bu ýagdaý Sahara çölüniň demirgazyk böleginde howanyň temperaturasynyň birden peselmegine, Selsiý boýunça nol gradus we hatda ondan-da aşak düşmegine esas boldy.
Aýn-Sefra Alžiriň demirgazyk böleginde, Atlas daglarynyň eteginde ýerleşýär. Geografik ýerleşişi sebäpli bu ýer wagtal-wagtal gysga wagtlyk sowuk howalara sezewar bolýar. Ýöne şeýle bolsa-da,  gar ol ýerde seýrek duş gelýän myhman bolmagynda galýar.

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......