«28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» prokata çaklamalardan pes başlady

  • 22.01.2026 23:34
  • 2.2k+

«28 ýyl soň» horror filminiň dowamy bolan «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» prokatda garaşylan netijeleri görkezip bilmedi. Ilkinji uik-endiň jemi boýunça film bary-ýogy 13 mln dollar töweregi gazandy, analitikler bolsa kassa ýygymynyň 15-17 mln derejesinde bolmagyny çaklapdy.

Metbugatyň oňyn synlaryna we saýtlardaky ýokary reýtinge garamazdan, film giň auditoriýany özüne çekip bilmedi. Kassa görkezijileri boýunça film hatda bir aý ozal ekrana çykan «Awatar: Ot we kül» filminden hem yza galdy.
Filmiň režissýory Nia Dakosta boldy, ssenarini Aleks Garlend ýazdy. Öňki bölümleri ýola goýan Denni Boýl bu gezek prodýuser hökmünde çykyş etdi.
Bilermenler bu görkezijiniň köp babatda garaşylan netijedigini belleýär. Çünki, filme, esasan, geçen tomus çykan öňki bölüm bilen tanyş tomaşaçylar gyzyklanma bildirdi. Köpçülikleýin auditoriýa üçin bolsa gahar wirusy baradaky film saýlananlaryň hataryna girmedi.
Şol bir wagtyň özünde, syn berijiler filmiň öňki bölümden birjik-de pes däldigini we käbir çemeleşmeler boýunça hatda has gyzyklydygyny belleýär.
«Süňk ybadathanasynda» esasy üns doktor Ýena Kelsona (onuň keşbini Reýf Faýns ýerine ýetirdi) gönükdirilýär. Paýhasly alym özüniň ters tarapy, ýowuz-sektant Jimmi (Jek O’Konnell) bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar. Filmde franşizanyň birinji filminiň ýyldyzy Killian Mýorfi hem epizodik keşpde peýda bolýar. 


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....