Portugaliýa dünýäde ilkinji 1 MWt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasyny gurar

  • düýn 15:48
  • 3.1k+

Portugaliýada dünýäde ilkinji 1 megawatt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berilýär. Taslama ýurduň demirgazyk kenarynda ýerleşer. 
Desganyň gurluşygy amatly tolkun şertleriniň bardygy  tassyklanandan we meýdançanyň taslamasy jikme-jik işlenip düzülenden soň başlandy, - diýip, Interesting Engineering habar berýär.
Şwesiýanyň Eco Wave Power Global AB kompaniýasy Porto şäherindäki Barra-du Doru tolkun saklaýjysynda gurnamak üçin tolkun şertleriniň we agram  bahalandyrmasynyň tamamlanandygyny yglan etdi. Bu desga esasy taslama hasaplanýar we kenarýaka infrastrukturasyna kenardaky tolkun energiýasyny integrasiýa etmegiň mümkinçiligini görkezmegine garaşylýar.
Taslama eýýäm birnäçe möhüm tapgyrdan geçdi: çykdajylaryň 50%-ini öz içine alýan elektrik ulgamyna birikdirmek üçin ilkinji tranş tölendi. Ähli gutarnykly rugsatnamalar alyndygy, şu ýyl stansiýa elektrik ulgamyna birikdiriler.
Elektrik stansiýasy tolkun energiýasyny bar bolan deňiz infrastrukturasyna öwürýän enjamly «Galereýa» diýlip atlandyrylýan gomkeseriň bir böleginde gurnalar. Bu bolsa daşky gurşawa täsiri peseldýär, tehniki hyzmaty ýeňilleşdirýär we çykdajylary azaldýar.
Eco Wave Power eýýäm Ysraýylyň ilkinji tolkun elektrik stansiýasyny dolandyrýar, ondan başga-da Shell Marine Renewable Energy bilen hyzmatdaşlykda Los-Anželes portunda synag taslamasyny durmuşa geçirýär.


16.01.2026 15:42
2.2k+

Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler

Hytaýdaky Suçžou uniwersitetiniň alymlary galyňlygy kagyza deň bolan çeýe Gün batareýasyny döretdiler. Batareýa köp gatlakly gurluşa esaslanýar we TASS-yň Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp berýän habaryna görä, özünde kristal kremniýniň we perowskitiň örän inçe gatlaklaryny birleşdirýär...

17.04.2025 11:49
3.5k+

Dünýäde ilkinji metalsyz batareýa hödürlendi: ol 30 ýyl işleýär we galyndylardan ýasaldy

SorbiForce amerikan kompaniýasy dünýäde ilkinji metalsyz batareýany hödürledi. Bu batareýa oba hojalygyndaky galyndylardan we duzlardan ýasalypdyr. Ol 30 ýyldan köp wagt işläp bilýär, ot almaýar, hatda zeper ýetse-de howpsuz we ony doly gaýtadan işläp bolýar diýip, «Sustainability Times» habar berýär...

19.08.2024 18:19
7.7k+

Alymlar bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän mata döretdiler

Waterloo uniwersitetiniň we Szýannan uniwersitetiniň barlagçylary bedeniň ýylylygyny we Gün energiýasyny elektrik toguna öwrüp bilýän mata döretdiler. Material MXene-den hem-de ýokary geçirijilige we çeýelige eýe...

düýn 20:24
1.3k+

Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär

Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) alymlary özbaşdak hereket edýän we zatlary gapjap tutup bilýän robot eli döretdiler. Biraz möýi ýatladýan robot esasy manipulýator golundan «gopup», elýeterden uzakdaky ýerlere ýetip, zerur zatlary «ele salyp», yzyna gaýdyp bilýär...