Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

  • 13.05.2026 07:30
  • 2.9k+

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden geçip biler.

Peýda bolan maglumatlardan çen tutsaň, gürrüň diňe bir sygymyň artmagy barada däl-de, eýsem akkumulýatorlaryň düýbünden täze ulgamyna geçmek barada gidýär. Konstruksiýada başga görnüşli materiallar we öýjükleriň üýtgedilen gurluşy ulanylýar.

Bu çemeleşme enjamlaryň galyňlygyny artdyrmazdan, olaryň energiýa dykyzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar. Şeýle aýratynlyk häzirki zaman flagman smartfonlary üçin örän möhümdir.

Täze tehnologiýanyň haçan çykaryljakdygy ýa-da haýsy enjamlarda ulanyljakdygy baradaky maglumatlar entek açyk aýan edilmedi.


23.05.2026 23:52
2.9k+

GM elektrik awtoulary üçin batareýa öndürmäge niýetlenen 3,5 milliard dollarlyk zawodynyň gurluşygyny togtadar

General Motors kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň aşa köp bahalandyrylmagy sebäpli zyýan çekenden soň, ABŞ-da elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny togtatmak......

17.05.2026 20:04
2.5k+

Dünýäde ilkinji: Huawei we Midea otagdaky kömürturşy gazynyň derejesini sazlamaga ukyply kondisionerleri döretdiler

«Midea» we «Huawei» kompaniýalary Hytaýda dünýäde ilkinji HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän akylly kondisionerleri tanyşdyrdylar. Bu enjamlar otagdaky kömürturşy gazynyň (CO2) derejesini awtomat usulda......

02.05.2026 11:11
2.1k+

Huawei 8500 mAs batareýaly Nova 15 Max modelini görkezdi

Huawei kompaniýasy resmi taýdan Nova 15 Max smartfonynyň täze suratlaryny paýlaşdy. Bu enjam dünýä bazaryna çykaryljak ilkinji «Max» seriýaly model bolar....

22.04.2026 16:42
1.9k+

Huawei Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlaryny dünýä bazaryna çykarýar

Huawei kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda hataryň resmi tanyşdyrylyşyndan soň Hytaýyň daşynda satuwa çykaryljak Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlarynyň global wersiýalarynyň tehniki häsiýetnamalaryny mälim......