Huawei Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlaryny dünýä bazaryna çykarýar

  • 22.04.2026 16:42
  • 1.9k+

Huawei kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda hataryň resmi tanyşdyrylyşyndan soň Hytaýyň daşynda satuwa çykaryljak Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlarynyň global wersiýalarynyň tehniki häsiýetnamalaryny mälim etdi.

Hataryň başlangyç modeli bolan Huawei Nova 15-e 6,7 dýuýmlyk OLED-displeý ornaşdyryldy we ol Kirin 8020 bir kristally ulgamynyň binýadynda işleýär. Enjam 100 Wt kuwwatynda çalt zarýad beriş ulgamyny goldaýan 6000 mAs sygymly güýçli akkumulýator bilen üpjün edildi. Onuň surat almak mümkinçilikleri 50 Mp esasy kamera, 3 esse optiki zumly tele-obýektiw, portret moduly we 50 Mp-lik öňdebaryjy selfi-kamerasy arkaly hödürlenýär.

Has ýokary derejeli Nova 15 Pro wersiýasy bolsa üýtgedilen dizaýny we iň ýokary ýagtylygy 4000 nite ýetýän 6,84 dýuýmlyk LTPO-ekrany bilen tapawutlanýar. Bu smartfon Kirin 9010S çibine daýanýar we has uly, ýagny 6500 mAs sygymly akkumulýatora eýedir.

"Pro" modeliniň kameralar ulgamyna goşa frontal modul we makrosýomka hem-de masştablandyrmagyň giňeldilen funksiýalary bolan esasy ulgam girýär. Täze modelleriň ikisi hem emeli aň gurallary oturdylan EMUI 15 ulgamy arkaly işleýär. Häzirki wagtda enjamlaryň bölek satuw bahalary baradaky maglumatlar entek aýan edilmedi.


17.05.2026 20:04
2.5k+

Dünýäde ilkinji: Huawei we Midea otagdaky kömürturşy gazynyň derejesini sazlamaga ukyply kondisionerleri döretdiler

«Midea» we «Huawei» kompaniýalary Hytaýda dünýäde ilkinji HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän akylly kondisionerleri tanyşdyrdylar. Bu enjamlar otagdaky kömürturşy gazynyň (CO2) derejesini awtomat usulda......

13.05.2026 07:30
2.9k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......

02.05.2026 11:11
2.1k+

Huawei 8500 mAs batareýaly Nova 15 Max modelini görkezdi

Huawei kompaniýasy resmi taýdan Nova 15 Max smartfonynyň täze suratlaryny paýlaşdy. Bu enjam dünýä bazaryna çykaryljak ilkinji «Max» seriýaly model bolar....

21.04.2026 00:03
2.8k+

Huawei “Pura 90” smartfonlarynyň hataryny we eplenýän «Pura X Max» modelini tanyşdyrdy

Huawei kompaniýasy Hytaýda giň gerimli tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, smartfonlaryň täze flagman hatary bolan «Pura 90-y» we innowasion görnüşde eplenýän «Pura X Max» modelini resmi taýdan görkezdi....