Huawei “Pura 90” smartfonlarynyň hataryny we eplenýän «Pura X Max» modelini tanyşdyrdy

  • 21.04.2026 00:03
  • 2.8k+

Huawei kompaniýasy Hytaýda giň gerimli tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, smartfonlaryň täze flagman hatary bolan «Pura 90-y» we innowasion görnüşde eplenýän «Pura X Max» modelini resmi taýdan görkezdi.

Täze seriýa üçburçluk şekilli özboluşly kamera moduly, täzelenen «Kirin» prosessorlary hem-de HarmonyOS 6.1 ulgamynyň dolandyrmagyndaky emeli aň we XMAGE tehnologiýalaryna esaslanýan kämil surata düşüriş mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.

Huawei Pura 90: Täze dizaýn we kämil selfi-kamera

Pura 90 täze flagman hatarynyň başlangyç modelidir. Smartfonyň dizaýny doly üýtgedilip, onuň esasy aýratynlygy öň tarapdaky süýri görnüşli kamera we arka paneldäki gyşyk üçburçluk şekilli esasy kamera blogy boldy.

Model 6,8 dýuýmlyk displeý bilen enjamlaşdyrylan we öňki nesil Pura 80 bilen deňeşdirilende öndürijiligi 15% ýokarlandyrylandyr. Smartfon 6500 mAs sygymly akkumulýatordan iýmitlenýär we 100 wattlyk çalt zarýad berme ulgamyny goldaýar. Esasy kamerasy 50 Mp, periskopik teleobýektiwi bolsa 3,7 esse optiki zoom edip bilýär. Geň galdyryjy tarapy, öňki kamerasynyň durulygy hem 50 megapiksele deňdir.

Bahalary:

  • 12/256 GB — 4699 ýuan ($690);
  • 16/512 GB — 5699 ýuan ($835).

Pura 90 Pro we Pura 90 Pro Max: 200 megapiksellik güýç

Hataryň uly modelleri tekiz metal çarçuwaly korpusda ýerine ýetirildi we IP68/IP69 standartlary boýunça goraga eýe boldy. «Pro» modeli 6,6 dýuýmlyk, «Pro Max» bolsa 6,9 dýuýmlyk OLED ekranlar bilen üpjün edildi. Iki ekran hem «Kunlun Glass» gorag aýnasy bilen örtülendir.

Esasy üns «XMAGE» foto mümkinçiliklerine gönükdirilen. «Pro Max» modelinde innowasion 200 megapiksellik periskopik modul we «LOFIC» tehnologiýaly 50 Mp esasy sensor bar. Iki smartfon hem «Kirin 9030S» çipi bilen işleýär we 100 wattlyk simli, 80 wattlyk simsiz zarýad berme ukybyna eýedir.

Pura 90 Pro-nyň bahasy:

  • 12/256 Gb — 5499 ýuan ($807);
  • 12/512 Gb — 5999 ýuan($880);
  • 16/512 Gb — 6499 ýuan ($953);
  • 16 ГБ/1 Tb — 7499 ýuan ($1100).

Pura 90 Pro Max bahasy:

  • 12/256 Gb — 6499 ýuan ($953);
  • 12/512 Gb — 6999 ýuan ($1027);
  • 16/512 Gb — 7499 ýuan ($1100);
  • 16 ГБ/1 Tb — 8499 ýuan ($1247).

Huawei Pura X Max: Giň ekranly ilkinji eplenýän smartfon

Huawei bu modeli öz ugry boýunça ýeke-täk eplenýän smartfon diýip atlandyrýar. Taraplarynyň gatnaşygy 16:10 bolan bu enajm A4 kagyzyň formatyndan ylham alnyp döredildi. Ol 7,69 dýuýmlyk çeýe OLED esasy ekrana we 5,4 dýuýmlyk daşky ekrana eýedir.

Smartfonyň öndürijiligi üçin emeli aň mümkinçilikleri giňeldilen «Kirin 9030 Pro» prosessory jogap berýär. Şeýle-de, gurluşa goşmaça hökmünde «M-Pen 3 Mini» stilusy we ýörite fotoset hödürlenýär.

Pura X Max-yň bahasy:

  • 12/256 GB — 10 999 ýuan ($1600);
  • Kolleksion neşiri (16 GB/1 TB) — 13 999 ýuan ($2050).

düýn 09:37
1.7k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
908

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....