Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

  • 17.02.2026 09:29
  • 4.3k+

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär.
Eger synag şowly geçse, bu tehnologiýa deňizdäki ýel generatorlaryndan alynýan energiýany gury ýere eltmegi aňsatlaşdyrar. Şeýle hem adaty elektrik liniýalaryny çekmek gaty gymmadyna düşýän çetki sebitleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Taslamany 8 milliona golaý müşderä hyzmat edýän National Grid Electricity Distribution kompaniýasy amala aşyrýar. Olaryň hyzmatdaşy bolsa Oksfordyň Space Solar startapydyr. Bu startap öň hem mikrotolkunlaryň kömegi bilen gün energiýasyny emeli hemralardan Ýere geçirmegiň üstünde işläpdi. Indi bolsa şol tehnologiýa ýerüsti şertlere uýgunlaşdyrylýar.
Ulgam smartfonalryň simsiz zarýad berişine çalymdaş işleýär, emma has uly aralyklarda. Iberiji antenna elektriki togyny mikrotolkunlara öwürýär, kabul ediji antenna bolsa şol tolkunlary tutup, olary täzeden elektrik energiýasyna öwürýär.
Muňa garamazdan, simsiz geçirişde energiýanyň çekýän ýitgisi has uludyr, netijeliligiň koeffisienti häzirlikçe 40–50% töweregi. Adaty simli liniýalarda 100 km aralykda energiýanyň diňe 2–3%-i ýitýär.
Mundan başga-da, tehnologiýanyň adamlar we haýwanlar üçin howpsuzlyk meseleleri hem heniz doly çözülmän galýar.
Şunuň ýaly taslamalar bir wagtyň özünde Ýaponiýada, Täze Zelandiýada we ABŞ-da hem alnyp barylýar. NASA orbital gün stansiýalaryny döretmegiň we energiýany emeli hemralar arkaly Ýere ibermegiň mümkinçiliklerini öwrenýär.


düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......

26.04.2026 09:45
5.2k+

Bilermenler emeli aň modelleriniň medeni tarapgöýlügine ünsi çekýärler

Emeli aň gündelik durmuşymyzda maglumat gözlemekden başlap, resminamalary taýýarlamaga çenli örän işjeň ulanylýar. Emma bilermenler köp adamyň üns bermeýän bir möhüm meselesine ünsi çekmek bilen, bu ulgamlaryň......

13.04.2026 20:38
1.8k+

Britaniýanyň Lloyds banky direktorlar geňeşine emeli aň botuny goşdy

Britaniýanyň iň uly banklaryndan biri bolan Lloyds Banking Group dünýäde ilkinji bolup, dolandyryş ulgamyna emeli aň (EA) kömekçisini girizdi. The Sunday Times neşiriniň habar bermegine görä, bu ädim EA-nyň......

20.02.2026 18:09
2.5k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...