Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy

  • 23.01.2026 20:06
  • 6.9k+

Samsung kompaniýasy 2026-njy ýylyň gyşynyň ahyrynda görkezilmegine garaşylýan Galaxy S26 Ultra flagman smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam 25-nji fewralda San-Fransiskoda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler, global satuwa bolsa 11-nji martda çykarylar. 
Galaxy S26 Ultra-nyň daşky görnüşi düýpli üýtgeşmelere sezewar bolmaz. Smartfon has ýukalar — öňki model 8,1 mm bolsa, indi 7-8 mm-e çenli inçeljegine garaşylýar — ýöne korpusy biraz beýik we giň, burçlary bolsa has tegelenen görnüşde bolar. Kameralaryň dizaýny hem üýtgär: bezeg halkalarynyň ýerine has inçe metal elementler goýlar.
Smartfon 120 Gs-e çenli täzelenme tizligi we 2600 nit iň ýokary ýagtylygy bolan 6,9 dýuýmlyk Dynamic AMOLED displeý bilen üpjün ediler. Ekrany täze Gorilla Glass Armor aýnasy bilen goralar. Şeýle hem, smartfonuň ýüzüni diňe ulanyjy görüp, keseden seredýänlere görünmez ýaly emeli aň ulanýan Flex Magic Pixel tehnologiýasynyň oturdylmagyna garaşylýar.

Bazara baglylykda, Galaxy S26 Ultra Exynos 2600 ýa-da Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory bilen enjamlaşdyrylar. RAM 12GB-dan 16 GB-a çenli artdyrylyp bilner.
Kameralar 200 MP esasy sensory we 50 MP ultra giň burçly linzany saklap galar. Mundan hem başga, enjam 5x optiki zumly 50 MP periskop linzany saklap galar, ýöne häzirki 3x zumly 10 MP telefoto kamera täze 12 MP sensor bilen çalşyrylar . Mundan başga-da, smartfonda täze lazer awtofokus datçigi oturdylar.
Batareýa 5000 mAh-lygyna galar, ýöne zarýad alşy 60 W-a çenli has çaltlaşar.
ETnews-yň çaklamalaryna görä, ABŞ-da modeliň bahasy, takmynan, 1350 dollardan başlar (256 GB ýady bolan esasy Galaxy S26 Ultra-nyň bahasy 2025-nji ýylda çykarylanda 1299 dollardan başlapdy).


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...