Awstriýada öz kowum-garyndaşlaryndan üýtgeşik ukyplara eýe bolan Weronika atly 13 ýaşly sygyr tapyldy. Onuň hojaýyny haýwanyň taýagy, sübsäni we dyrmygy ýokary göterip, olary endamynyň ýetmeýän ýerlerini gaşamak üçin ulanýandygyna syn etdi.
Şeýle hereket ýönekeý bir üýtgeşiklik däldir – bu iri şahly malyň gurallary maksatly ulanmagynyň ilkinji hasaba alnan ýagdaýydyr diýip, Wenanyň weterinariýa lukmançylyk uniwersitetinden alymlar Current Biology ylmy žurnalyndaky makalada aýtdy.
Weronika daglary, tokaýlary we kölleri bolan Karintiýa federal topragynyň Nýoç-im-Gaýltal şäherçesinde ýaşaýar. Ol daýhan we çörekçi Witgar Wigele degişli. Sygryň akyl ýetiriş ukyplary barada onuň eýesiniň hut özi gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, sygyr maşgala agzalarynyň seslerini tanaýar we olaryň çagyryşlaryna seslenýär.
Biologlar sygryň başarnyklaryna göz ýetirmek üçin birnäçe gözegçilik geçirdi. Tejribäniň dowamynda olar Weronika pol sübsesini dürli ýagdaýda berip gördi. Sygyr ony dişi bilen alyp, soňra diliniň kömegi bilen predmetiň duruş ýagdaýyny üýtgedip, onuň dürli böleklerini oýlanyşykly ulandy: çotga tarapyny arkasyndaky gaty derisini, tekiz sapyny bolsa has näzik we duýgur ýerlerini gaşamak üçin ulandy. Eger predmet oňaýly ýagdaýda däl bolsa, ony dişinde has gowy tutmak we isleýän ýerine ýetmek üçin onuň duruş ýagdaýyny üýtgetdi.
Ýedi seansyň dowamynda guralyň oýlanyşykly ulanylmagynyň 76 ýagdaýy hasaba alyndy. Alymlar Weronikanyň şol bir guraly dürli işler üçin ulanýandygyny belledi – ozal şeýle özüni alyp baryş diňe adamlarda, şimpanzede, gargalarda, delfinlerde we kellaýakly mollýuskalarda syn edildi. Öý maly ösen kognitiw ukyplary bolan haýwanlaryň hataryna degişli edilmeýärdi.
Wena uniwersitetinden biologlar şeýle başarnyklaryň ösmegine haýwanyň gartaşan ýaşynyň we onuň saklanyş şertleriniň täsir edip bilendigini çaklaýar. Ähtimal, sygyr rugsat berlendigi üçin gurallardan peýdalanmagy öwrenendir. Oba hojalyk mallarynyň köpüsi garyp şertlerde ýaşaýar we dolandyryp boljak predmetlere elýeterliligi ýok.