Valentino-nyň esaslandyryjysynyň 2 milliard dollarlyk mirasy kime galar?

  • 23.01.2026 11:12
  • 5.9k+

Italiýanyň «Il Messaggero» gazeti dünýä belli Valentino brendiniň esaslandyryjysy, meşhur modelýer Walentino Garawaniniň mirasy baradaky maglumatlary açyklady. 19-njy ýanwarda 93 ýaşynda aradan çykan dizaýneriň umumy baýlygy takmynan 2 milliard dollar möçberinde çaklanylýar.

Dizaýneriň galdyran ägirt uly baýlygyna gymmat bahaly gozgalmaýan emläkler, hususy sungat eserleriniň kolleksiýasy, iki sany iri kompaniýa degişlidir.
Garawaniniň aýaly we çagalary bolmansoň, onuň baýlygynyň paýlanyşy Rimiň notariusynda saklanýan wesýetnama esasynda kesgitlener. Esasy mirasdüşerleriň hatarynda onuň gyz dogany Wanda we ýegeni Oskar, köp ýyllyk işewür hyzmatdaşy Jankarlo Jammetti, uzak wagtlap bile işleşen işdeşi Brýus Huksema, modelýeriň ýanynda ulalan doganlar — Şon we Entoni Sakslar bar.
Şeýle-de bolsa, Italiýanyň kanunçylygyna laýyklykda, mirasyň käbir bölegi ýakyn garyndaşlar (mysal üçin, uly aýal dogany we çowlugy) üçin hökmany paý hökmünde bölünip berlip bilner.
Walentino Garawani 1932-nji ýylda Italiýada doguldy. Ol 1960-njy ýyllaryň başynda Jankarlo Jammetti bilen bilelikde Valentino moda öýüni esaslandyryp, ony dünýäniň iň kaşaň brendleriniň birine öwürdi. Bellemeli zat, 2012-nji ýyldan bäri brend Kataryň «Mayhoola» maýa goýum toparyna degişlidir.

11.06.2026 13:03
6.8k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....