Vogue XIX asyryň geýim stiliniň 2026-njy ýylda ýene moda bolup biljekdigini çaklaýar

  • 22.01.2026 23:37
  • 4.3k+

Vogue fransuz žurnaly 2026-njy ýylda regencycore stiliniň meşhurlygynyň artjakdygyny çaklady. Gürrüň XIX asyryň modasyndan, ilkinji nobatda, Beýik Britaniýada regentlik döwründen ylham alan egin-eşikler barada gidýär.

Neşiriň redaksiýasy bu estetika bolan gyzyklanmany «Brijertonlar» serialynyň gaýdyp gelmegi bilen baglanyşdyrýar. Dördünji möwsümiň birinji bölegi 29-njy ýanwarda, ikinjisi 26-njy fewralda Netflix-de çykar. Žurnalyň maglumatlaryna görä, bu teletaslama eýýäm gözleg ulgamlarynda XIX asyryň birinji ýarymynyň geýimleri bilen baglanyşykly soraglary güýçlendirýär.
Şeýle-de, regencycore stiliniň ýaýramagyna TikTok-daky kontentler we ýazyjy Jeýn Ostiniň döredijiligine bolan gyzyklanmanyň artmagy hem ýardam edýär. Onuň romanlarynyň we «Brijertonlaryň» gahrymanlary dörtburç ýakaly, gaba ýeňli, uzyn ellikli ampir siluetindäki eşikleri geýýär hem-de mahmaldan aksessuarlary, dür we ýelek dakynýar. Bu obrazlar romantizm we näziklik bilen tapawutlanyp, eýýäm häzirkizaman dizaýnerlere täsirini ýetirdi.
2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde regentlik döwrüniň estetika elementleri Louis Vuitton, Dior we Saint Laurent brendleriniň kolleksiýalarynda peýda boldy. Acne Studios ýubka we uzyn ellik bilen kružewo korsetini hödürledi, tirsekden ýokary ellikleri bolsa Prada we Balenciaga hem görkezdi.  
Vogue-nyň çaklamasy boýunça, gündelik modada XIX asyra bolan gyzyklanma bilinden giňeýän köýnekleriň, jins bilen korsetleriň, dörtburç ýakaly üstki geýimleriň, Meri Jeýn köwüşleriniň we ş.m. meşhurlygynda görnüp bilner.   

11.06.2026 13:03
6.8k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....