Güýçli Gün alawlamasyndan soň Ýeriň üstünde dörän üýtgeşik polýar şöhlelenmesi kosmosdan düşürildi

  • 22.01.2026 23:01
  • 4.4k+

Russiýaly kosmonawt Sergeý Kud-Swerçkow Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan düşürilen Ýeriň üstündäki seýrek gyzyl polýar şöhlelenmesiniň kadrlaryny görkezdi. Hadysa şu ýylda ilkinji iň ýokary X derejeli alawlamanyň we XXI asyr üçin rekord derejeli radiasiýa tupanynyň netijesi boldy.

Kosmonawtyň aýtmagyna görä, şöhlelenmäniň has güýçlüdigi sebäpli adaty ýaşyl reňke, adatça, örän seýrek görünýän ýiti gyzyl şöhlelenme hem goşuldy.

«Kislorod atomlary 100 km töweregi belentlikde ýaşyl, 300 – 400 km belentlikde bolsa gyzyl reňk bilen şöhle saçýar. Atmosferanyň has ýokary we dykyz däl gatlaklary üçin şöhlelenmäni döreder ýaly uly energiýa gerek, şonuň üçin, adatça, gyzyl reňk seýrek duşýar» – diýip, Kud-Swerçkow belledi.

18-nji ýanwarda Günde X derejeli alawlama bolup geçdi. Tiz wagtdan alymlar Ýeriň töwereginde S4 derejeli radiasiýa tupanynyň başlandygyny habar berdi. Gün protonlarynyň dykyzlygynyň iň ýokary derejesi 20-nji ýanwarda agşam hasaba alyndy we 37 müň birlik boldy. Rekord görkeziji, takmynan, 40 müň birlik, geçen asyrda goýuldy.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...