Amerikanlar Roždestwoda onlaýn kinoteatrlarynda 55 mlrd minutdan köp wagt sarp etdi

  • 23.01.2026 11:26
  • 2.2k+

Geçen Roždestwo ABŞ-da gözegçiligiň taryhynda striming platformalary üçin tomaşa wagty boýunça rekordly boldy. Analitikleriň maglumatlaryna görä, baýramçylyk döwründe tomaşaçylar onlaýn kinoteatrlarda kontent görmek üçin 55,1 mlrd minut sarp etdi. Bu görkeziji bir ýyl ozalkydan 3,9 mlrd minut köpdür diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Bilermenler goýlan rekordy «Gaty geň zatlar» serialynyň ahyrky bölüminiň çykmagy hem-de Milli futbol ligasynyň (amerikan futboly) oýunlarynyň üç eksklýuziw ýaýlymy bilen baglanyşdyrýar. Bu taslamalar bilelikde umumy telewizion kontentiň 22%-inden gowragyny we striming platformalarda ähli tomaşalaryň 42%-ini üpjün etdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-da umumy wideo tomaşasynda striming platformalarynyň paýy 47%-e ýetdi. Ýagny, amerikan auditoriýasy üçin elýeterli bolan ähli wideokontentiň tas ýarysy hut onlaýn platformalar arkaly görüldi. 


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....