Gadymy kitaplaryň seljermesi Galkynyş eýýamynda geň bejeriş usullaryna ulanylandygyny görkezdi

  • 23.01.2026 15:19
  • 2.2k+

Alymlar Galkynyş eýýamynyň adatdan daşary lukmançylyk usullarynyň tejribede ulanylan bolmagynyň mümkindigi hakyndaky netijä geldiler. Olaryň şeýle karara gelmegine 1531-nji ýyla degişli lukmançylyk maglumat kitaplary esas boldy.

Gözlegçiler gadymy kitaplaryň sahypalaryndan belok yzlaryny ýygnamak we seljermek üçin usul işläp düzdüler. Munuň üçin kagyzyň ýüzünden ýörite plastik diskler arkaly mikroskopik yzlar alyndy. Soňra nusgalar mass spektrometriýasy arkaly seljerildi.
Kitaplarda agzyň ýaramaz ysyndan saç dökülmegine çenli umumy keseller üçin ýazgylar bar. Bir wagtlar bu kitaplar Ýewropa boýunça giňden ýaýrapdyr. Alymlar olaryň sahypalaryndan ýazgylarda  görkezilýän maddalara gabat gelýän yzlary tapdylar.
Oňa mysal hökmünde, saç dökülmegine garşy rozmarin we bilen kres otuny ulanmagy maslahat berilýän sahypada ady agzalýan ösümlikleriň peptidleri tapyldy. Bu okyjynyň maslahaty ilki synap görüp, soň sahypa barmaklaryny degirendigini görkezýär.
Gadymy kitaplarda adaty bolmadyk serişdeleriň yzlary hem bar. Meselem, saç dökülmesine garşy göreşmek usuly hakdaky maslahatyň ýerleşýän sahypasynda lipokalin, ýagny nejasat bilen baglanyşykly belok tapyldy.
Mundan başga-da, kitapda begemota degişli kollagen peptidleriniň hem saklanandygy belli boldy. Galkynyş eýýamynda bu ekzotik haýwanyň dişleriniň böwrekde daş bolanda we beýleki kesellerde peýdalydygyna ynanýardylar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, kitaby okanlaryň biriniň öz keseli üçin begemotuň dişini tapyp bilen bolmagy ahmal. 


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....