Ýewropa ligasynyň 7-nji tapgyry: «Lion» we «Aston Willa» möhletinden ir 1/8 finala çykdy

  • 23.01.2026 15:33
  • 4.6k+

23-nji ýanwara geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň ýedinji oýunlary geçirildi. Onuň netijesi boýunça möhletinden ir 1/8 finala çykmagy kepillendiren ilkinji klublar kesgitlendi. Olar 18 utuk gazanan «Lion» (Fransiýa) we «Aston Willa» (Angliýa) boldy.

Bu toparlar ýazky pleý-off tapgyryna çykmagyny kepillendirdi we umumy tapgyryň iň gowy sekiz toparynyň sanawyna-da girer.
«Lion» myhmançylykda Şweýsariýanyň «Ýang Boýz» klubuny 1:0, «Aston Willa» bolsa Unai Emeriniň ýolbaşçylygynda Stambulda «Fenerbahçeni» şeýle hasap bilen utdy.
Ýene bir gyzykly oýunda «Roma» 2:0 hasabynda «Ştutgartdan» üstün çykdy. Bu ýeňiş rimlilere jemleýji tapgyrdan öň 1/8 finala çykmak üçin göreşde artykmaçlyk berdi. Ýöne häzir toparlaryň ikisi-de, iň bolmanda, pleý-off tapgyryna çykmagyny kepillendirdi.
«Şturm», «Reýnjers», «Nissa», «Utreht», «Malmýo» we «Makkabi Tel-Awiw» toparlary bolsa pleý-off üçin göreşmek mümkinçiligini ýitirdi.
Ýewropa ligasynyň 7-nji tapgyrynyň netijeleri:

  • ·         «Bolonýa» — «Seltik» 2:2
  • ·         «Ýang Boýz» — «Lion» 0:1
  • ·         «Wiktoriýa Plzen» — «Portu» 1:1
  • ·         «Fenerbahçe» — «Aston Willa» 0:1
  • ·         «Feýenoord» — «Şturm» 3:0
  • ·         «Malmýo» — «Srwena Zwezda» 0:1
  • ·         PAOK — «Betis» 2:0
  • ·         «Fraýburg» — «Makkabi Tel-Awiw» 1:0
  • ·         «Brann» — «Mitýulland» 3:3
  • ·         «Roma» — «Ştutgart» 2:0
  • ·         «Utreht» — «Genk» 0:2
  • ·         «Zalsburg» — «Bazel» 3:1
  • ·         «Ferenswaroş» — «Panatinaikos» 1:1
  • ·         «Dinamo» Zagreb — FKSB 4:1
  • ·         «Nissa» — «Gou Ehed Iglz» 3:1
  • ·         «Reýnjers» — «Ludogores» 1:0
  • ·         «Selta» — «Lill» 2:1
  • ·         «Braga» — «Nottingem Forest» 1:0

şu gün 13:40
4.8k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......