Kia kompaniýasy Niro krossoweriniň durkuny täzeledi

  • 23.01.2026 20:13
  • 2.1k+

Kia kompaniýasy ilkinji gezek 2021-nji ýylda Günorta Koreýada peýda bolan Niro krossoweriniň täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy. Restaýlingden soň modeliň daşky görnüşi indi Kia-nyň elektrik awtoulaglaryna meňzedildi.
Awtoulagyň öňünde indi täze gabaraly bamper, doly täzeden işlenen faralar ýerleşdirildi, yzky tarapynda bolsa awtomobil belgisiniň durýan ýeri we bagažnigiň gapysy üýtgedildi. Çyralary çalşylsa-da, bumerang görnüşini saklap galdylar. Şeýle-de, täze 18 dýuýmlyk teker diskleri hem peýda boldy.

Salonda iki sany 12,3 dýuýmlyk ekranlar saklanyp galdy, ýöne olar has ykjamlandy we täzelenen grafika bilen üpjün edildi. Rul indi iki spisaly, ýokarky we aşaky taraplary çyrpylan görnüşe eýe boldy, ýolagçy tarapdaky dolandyryş paneli bolsa täzeden işlenip düzüldi.
Kia mart aýynda bu restaýling barada has giňişleýin maglumatlary ýetirmegi söz berdi. Häzirki model 141-183 aralygyndaky at güýjüni öndürýän 1,6 litrlik hereketlendirijileri bolan gibrid görnüşlerinde, şeýle hem 204 at güýjüni öndürýän,  ýöreýiş ätiýaçlygy 407 km bolan (EPA-nyň aýlawy boýunça) doly elektrik görnüşinde hödürlenýär
.


09.05.2026 12:43
3.2k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.8k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....