5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

  • 09.05.2026 12:43
  • 3.6k+

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy.

Kia UK kompaniýasynyň baş direktory Pol Filpottyň aýtmagyna görä, başda ýedi orunlyk wersiýa islegiň uly bolmagyna garaşylýardy, ýöne bäş orunlyk wersiýa bolan gyzyklanma garaşylanyndan has ýokary boldy. Kompaniýa häzir, öň garaşylan agdyklygyň deregine, ýedi orunlyk modeliň peýdasyna 60:40 paýda satuw  gatnaşygynyň bolmagyna garaşýar.

Bäş orunlyk wersiýa gyzyklanmanyň uly bolmagy onuň ulanmaga amatlylygy bilen düşündirilýär: goşmaça oturgyç hatarynyň ýoklugy köp maşgalalar üçin örän möhüm bolan uly bagaž bölüminiň saklanmagyna mümkinçilik berýär.

Häzirki güne çenli kompaniýa bäş orunlyk PV5 ýolagçy furgonynyň 1000-den gowragyny satdy, PV5 Van täjirçilik furgonynyň bolsa satylany 2750-ä ýetdi.

Ýedi orunlyk PV5-iň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Onuň bahasy takmynan 34 000 funt sterlinge (takmynan 46 300 dollar) barabar bolar diýip hasaplanýar. Häzirki wagtda bäş orunlyk Kia PV5 Passenger-iň bahasy 32 995 funt sterlingden (takmynan 44 900 dollar) başlaýar.

Model 51,5 we 71,2 kWt/sag kuwwatly batareýalar bilen enjamlaşdyrylan bolup, ýöreýiş ätiýaçlygy 412 km-e çenli. 


düýn 18:36
2.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....