Alymlar magnit tupanyny birnäçe ýyl öňünden çaklamagy öwrendiler

  • 23.01.2026 15:37
  • 2.3k+

Halkara ylmy işgärler topary öňki Gün gözegçiliklerini seljermek arkaly geljekki Gün işjeňligini has takyk çaklamaga kömek etjek usul işläp düzdüler. Netijeler The Astrophysical Journal žurnalynda çap edildi.

Bu barlagyň maksady Günüň polýar magnit meýdanynyň soňky 100 ýylda nähili hereket edýändigini dikeltmekdi. Ol Gün tegmilleriniň, magnit tupanlarynyň we uçgunlaryň sanyny kesgitleýän 11 ýyllyk Gün sikllerine täsir edýär.
Polýar magnit meýdanynyň ölçegleri diňe 1970-nji ýyllardan bäri geçirilýär. Alymlar ondan has öňki döwürler üçin 1904-nji ýyldan bäri Günüň şekillerini öwrenip gelýän Hindistandaky Kodaikanal Solar obserwatoriýasynyň arhiwinden peýdalandylar. Köne seljermeler häzirki zaman maglumatlary bilen deňeşdirildi.
Barlagyň awtorlarynyň biriniň belleýşi ýaly, Günüň hromosferasy onuň magnit meýdanynyň ýagdaýynyň ygtybarly görkezijisi bolup hyzmat edýär. Şunlukda, Ýeriň orbitasynyň egilmegi zerarly Günüň polýuslarynyň ýylda diňe birnäçe gezek görünýändigi üçin, bu möhümdir.
Täze usul Gün işjeňligini birnäçe ýyl öňünden çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Gün işjeňligini onlarça ýyl öňünden düşünmegi talap edýän kosmos uçuşlarynyň meýilnamalaşdyrylyşyny gowulandyrýar.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....