Toyota «Ýertudana şalygynyň güni» mynasybetli gülgüne reňkli Crown sedanyny çykardy

  • 23.01.2026 14:48
  • 5.1k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň «Ýertudana şalygynyň güni» mynasybetli Totigi prefekturasynda geçirilen dabaralara gatnaşdy we bu ýerde täze Toyota Crown sedanyny görkezdi.
Model Ichigo Crown (terjimesi – «ýertudana täji») diýlip atlandyryldy. Üýtgeşik gülgüne reňkli bu awtoulag ýerli Tochigi Toyota dilerlik ulgamynyň 80 ýyllygyna gabatlanyp görkezildi. Dabaranyň dowamynda ýurduň ýertudana önümçiliginde öňdebaryjy hasaplanýan Totigi prefekturasynyň gubernatory Fukuda Tomiiti «Ýertudana şasynyň» geýiminde ulagyň ýanynda surata düşdi.

Ulagyň kuzowy ýertudananyň Toçiotome, Toçiaika we Skaýberri sortlarynyň şekilleri bilen bezelen, kapotda bolsa gala we multfilm gahrymanlary şekillendirilen. Crown-yň üçünji nesliniň ýany bilen modeliň ikinji nesli hem görkezildi.
Sedan Z komplektasiýasynyň bazasynda döredilen we öz-özünden zarýad alýan gibrid ulgamy bilen üpjün edilen: 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji iki elektrik hereketlendirijisi bilen bilelikde işleýär. Ulgamyň umumy kuwwaty 234 at güýjüne barabar bolup, esasy güýç yzky tigirlere düşýär.

 


düýn 21:15
4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....